17-nji sentýabrda Moskwa şäherindäki Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergiler binasynyň (HHGSB) ýanyndaky Milli atçylyk däpleri merkezinde «Bedewleriň bir aýlygy» şüweleňiniň çäklerinde arassa tohumly ahalteke atlaryň “Russiýanyň kubogy – 2022” atly şou-sergisi geçiriler. Bu barada merkeziň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Gerodot Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini wasp eden bolsa, Isgender Zülkarneýniň döwründäki taryhçylar Türkmenistanyň häzirki çäklerindäki atlary “daň şapagyna” meňzedipdirler. Rus ippology W.O. Wittiň sözlerine görä, “Ahal-teke bedewleri, dünýädäki münülýän atlaryň genji-hazynasydyr”. Biziň eždatlarymyz bu ajaýyp tohumy nesilden-nesle miras geçirip, onuň ähli aýratynlyklaryny arassa saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ahalteke bedewleri dünýädäki iň gadymy we owadan tohumlaryň biridir. Alymlar ahalteke atlarynyň, çen bilen, 5 müň ýyl ozal häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilendigini we olaryň dünýäniň beýleki at tohumlarynyň ösüşine öz täsirlerini ýetirendiklerini tassyklaýarlar.

Şou-serginiň dowamynda Russiýanyň dürli künjeklerinden gelen iň oňat atşynaslardyr, atçylyk fermalary öz atlaryny HHGSB-niň ýanyndaky Milli atçylyk däpleri merkezinde görkezilişe çykararlar. Şunuň bilen baglylykda, şüweleňi gurnaýjylar bu ýere gelýänlere ahalteke bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik dörederler.

Milli atçylyk däpleri merkezi atçylyk sporty, atşynaslyk ylymlary we atçylyk boýunça gazanylan üstünlikleri bir ýere jemleýän özboluşly merkez bolup durýar. Bu merkez şu ýylyň maý aýynda ilkinji gezek myhmanlara öz gapylaryny açdy. Merkez açylan gününden bäri bu ýerde atçylyk sungatynyň we sportunyň VI Moskwa açyk festiwaly, at üstündäki oýunlar boýunça Russiýanyň kubogy, konkur boýunça “BitRiver” kubogy we başgada birnäçe bäsleşikler guraldy. Bu merkez atlaryň ähli tohumlaryny görkezilişe çykarmak maksady bilen, 1954-nji ýylda esaslandyryldy.

“Bedewleriň bir aýlygy” atly şüweleňiň myhmanlary Milli atçylyk däpleriniň merkeziniň pawilýonlarynda atçylygyň taryhy, häzirki zaman athanalarynyň gurluşy we at saklamagyň düzgünleri bilen içgin gyzyklanyp bilerler. Merkeziň guraýan özboluşly sergileri geçmişi we şu günki güni utgaşdyryp, medeni mirasy gorap saklamaga ýardam berýär we milli atçylyk däplerini dünýä aýan edýär.

Häzirki wagtda ahalteke atlary dürli ýaryşlarda, şeýle hem Russiýa we dünýä çempionatlarynyň şüweleňlerinde, şeýle-de, atlara bagyşlanan iri çäreleriň ringlerinde, mysal üçin, Moskwada geçirilýän “Ekwiros” halkara at sergisinde hem görkezilýär. “Ekwiros” sergisinde  Wladimir Şamborant adyndaky atçylyk fermasy tarapyndan Dünýä Kubogynyň şou-çempionaty guralýar. Bu şüweleň hem ahalteke atlaryna tomaşa etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. “Ekwiros” at sergisini şu ýylyň 27-30-njy oktýabry aralygynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.