8-9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň Zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji Sammitine gatnaşdy.

“Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has hem netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” temasy boýunça geçirilýän bu foruma halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Parlamentara Bileleşiginiň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň, GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçylary, jemi 17 ýurtdan 120-den gowrak wekiller gatnaşýarlar.

Sammitiň dowamynda parlamentleriň öňünde duran ileri tutulýan wezipeler hem-de pandemiýa zerarly emele gelen çökgünlik proseslerinde gender deňligini kepillendirmek, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, ykdysadyýeti dikeltmekde zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Sammitde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagyna, şol sanda zenan parlamentariýleriň ornunyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Milli Parlamentiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugurlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga mydam taýýardygy nygtaldy.

Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.  

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Özbegistanyň liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk arabaglanyşygy, ynanyşmak we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini çuňňur kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen wekiliýeti saparyň dowamynda Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen hem duşuşyk geçirdi. Geçirilen duşuşygyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn we strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde parlamentara dialogyň ähmiýetli orny barada bellenildi. Taraplar şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň ýanynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işine, parlamentleriň komitetleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň yzygiderli berkidilmegine aýratyn ünsi çekdiler.