Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykandan soňra ogly şazada Çarlz, Karl III ady bilen Beýik Britaniýanyň täze patyşasy hökmünde resmi taýdan yglan edildi. Karl III Beýik Britaniýanyň tagt mirasçylygy geňeşi tarapyndan patyşa yglan edildi we Karl III kasam kabul ediş hatyna gol çekdi. Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary derejeli şahslary, şazada Uilýam, şa aýaly-konsort, tagt mirasçylygy geňeşiniň ýolbaşysy lord Penni Mordont, Kenterber arhiepiskopy Karl III patyşa yglan edilmegi hakynda resmi hata goluny goýdular.

8-nji sentýabrda 70 ýyl ýurda hökümdarlyk eden Ýelizaweta II aradan çykypdy. Şondan soňra patyşa bolmak nobaty şazada Çarlza ýetdi. Täze patyşa Karl III adyny aldy. Onuň aýaly Kamilla bolsa şa aýaly-konsort derejesine eýe boldy.

Doglan wagtyndaky doly ady Çarlz Filip Artur Jorj bolan täze patyşa 1948-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Londonda dünýä inýär. Ol Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II (1926-2022) we Edinburg gersogy Filippiň (1921-2021) uly ogludyr.

Patyşa Karl III birinji aýaly Dianadan 2 ogly bar. Olar şazada Uilýam we şazada Garri. Şa gyzy adyna eýe bolan Diana 1997-nji ýylda awtoulag heläkçiliginde aradan çykýar.

Patyşa Karl III 2005-nji ýylda Kamilla bilen durmuş gurýar. Patyşa Karl III 5 sany agtygy bar.