Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy özara hasaplaşyklary milli walýutada amala aşyrmak barada gepleşik geçirýär. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin TASS-yň habarçysyna beren interwýusynda mälim etdi.

-Häzirki wagtda iki ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri hem-de Merkezi banklary ýeňil bolmadyk bu meseläniň üstünde işleýärler. Bu işleriň dowamynda dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň hem nazara alynmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Blohin söhbetdeşligiň dowamynda bu ugurdaky işleriň üstünlikli boljakdygyna umyt bildirdi.