9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygyň ähli pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän ulag toplumynyň düzümlerindäki işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag toplumynyň geçirýän işiniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezmeler berdi. Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa we Frankfurt şäherlerine adaty ýolagçy gatnawlaryny ýola goýdy.