Gren­lan­di­ýa­da we An­tark­ti­da­da gu­ry ýe­riň suw bi­len ta­pyş­ýan ýe­rin­dä­ki äpet buz bö­lek­le­ri go­pup, uly aýs­berg­le­ri eme­le ge­tir­ýär. Su­wuň aky­my­nyň bu buz bö­lek­le­ri­ni ys­sy ho­wa­ly we ýy­ly suw­ly ýer­le­re äkit­me­gi ne­ti­je­sin­de ýu­waş-ýu­waş­dan ere­ýär. Möw­sü­miň ça­lyş­ma­gy bi­len ada­la­ryň buz bi­len ör­tü­len meý­da­ny ula­lyp-ki­çel­ýär. Em­ma has seý­rek ýag­daý­da has uly buz bö­le­gi hem dö­wü­lip, um­ma­na akyp gid­ýär. “Na­tu­re Ge­oscience” at­ly žur­nal­da çap edi­len yl­my ma­ka­la gö­rä, An­tark­ti­ka­nyň gün­ba­ta­ryn­da has uly buz­lu­gyň bö­lün­jek bo­lup du­ran­dy­gy mä­lim edil­di. “Thwai­tes” at­ly bu buz­lu­gyň “bar­ma­gy­nyň ujy bi­len gu­ry ýer­den tu­tup du­ran­dy­gy” aý­dyl­dy. Äpet buz­lu­gyň gel­jek bir-iki ýy­lyň do­wa­myn­da yk­lym­dan aý­ryl­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Bu ba­ra­da ge­çi­ri­len bar­la­ga gat­na­şan Alas­teýr Gra­ýam bu buz­lu­gyň ýag­da­ýy­nyň ge­çen asy­ryň or­ta­syn­dan bä­ri öw­re­nil­ýän­di­gi­ni, soň­ky on ýy­lyň do­wa­myn­da onuň has köp üýt­geş­mä­ni baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ni mä­lim et­di. Buz­lu­gyň ulu­ly­gy­nyň ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty ýa­ly­rak­dy­gy mä­lim edil­ýär.


Der­ýa Der­ýa­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by