Rus­si­ýanyň paý­tag­ty Mosk­wa­da Ýew­ro­pa­nyň iň uly aýlanýan hiňňildigi açyl­dy. Oňa «Mosk­wa­nyň Gü­neşi» di­ýip at be­ril­di. Şä­he­riň gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­mak üçin äh­li amat­lyk­lar dö­re­di­len tä­ze bi­na­nyň be­ýik­li­gi 140 metr bo­lup, her bi­ri 15 orun­lyk 30 ýa­pyk ka­bi­na­sy bar. Ka­bi­na­lar­da wi­deo gö­zeg­çi­lik, ho­wa saz­la­ýyş, şeý­le hem do­lan­dy­ry­jy bi­len ha­bar­laş­mak üçin düw­me­ler ýer­leş­di­ri­len. Bäş sa­ny ka­bi­na­nyň po­ly aý­na­dan bo­lup, aşa­gy hem gö­rün­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mun­dan ozal Ýew­ro­pa­nyň iň uly aýlanýan hiňňildigi Lon­don­da­ky “Lon­don eye” ha­sap­lan­ýar­dy. Bu bi­na­nyň be­ýik­li­gi 135 met­re ba­ra­bar­dyr.