Şwesiýada Parlament saýlawlary geçirilýär, ýurduň raýatlary Riksdagyň (parlament) we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerini saýlamaly bolarlar.
Bilermenleriň pikiriçe, bäsdeşlik, esasan, merkezi çep bilen sag toparlaryň arasynda bolup geçer. Merkezi çep topara Premýer-ministr Magdalena Anderssonyň dolandyrýan Sosial-demokratik zähmet partiýasy, Çepçi partiýasy we “Ýaşyllar” girýär.
Sagçy konserwatiw blogyň agzalarynyň arasynda – öňdebaryjy oppozisiýa güýji, Aram koalisiýa partiýasy, şeýle-de soňky döwürde meşhurlyk gazanýan Şwesiýa Demokratlar hereketi bar.
Saýlawlaryň ilkinji netijeleri 12-nji sentýarda agşam belli bolar.