Daşkentde Müsüre we Katara Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gepleşik boýunça hyzmatdaşlary statusyny bermek baradaky memorandumlara gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda mälim edilýär.

Bu resminamalara ŞHG-niň Baş sekretary Çan Ming, Müsüriň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Hamdi Sanad Loza we Kataryň daşary işler ministri Soltan bin Saad al-Mureýhi gol çekdiler.

Memorandumlaryň ŞHG bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk, energiýa, söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy üpjün edýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, ŞHG-niň hyzmatdaş döwletiniň statusy agzalary bolan döwletleriň çakylygy boýunça guramanyň işlerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Resminamalara gol çekmek dabarasy ŞHG-niň 15-16-njy sentýabr aralygynda geçiriljek sammitine taýýarlygyň çäklerinde geçirildi.