Ispaniýanyň moda we egin-eşik kompaniýasy “Inditex” ýylyň birinji ýarymyna degişli maliýe maglumatlaryny ýaýratdy. Kompaniýa alty aýyň dowamynda 1 milliard 794 million ýewro gazandy. Şeýlelikde, kompaniýada häzire çenli iň ýokary girdeji hasaba alyndy. “Zara”, “Massimo Dutti”, “Oysho”, “Pull&Bear”, “Uterqüe”, “Lefties”, “Stradivarius” ýaly dünýäniň dürli bazarlaryna niýetlenen brendleri öndürýän kompaniýanyň girdejisi degişli döwürde geçen ýyldakydan 24,5 ýokary boldy. Kompaniýanyň satuwy 14 milliard 845 million ýewro ýetipdir.
Ispan brendiniň ýolbaşçysy Oskar Garsia Maseýra şeýle ýokary netijäni gazanmakda işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlygynyň, müşderileriň diňlemäge ähmiýet berilmeginiň, döredijilik we iň gowy harydy dizaýn etmegiň täsiriniň uludygyny aýdýar.
Güljemal Gurbanmämmedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby