Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda internet ulgamynyň has çaltlandyrylan görnüşi bolan 5G ulgamyny ýola goýmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Eýýäm käbir ýurtlarda 6G ulgamy üçin degişli infrastruktura döredilýär. Şeýle ýurtlaryň biri hem Ispaniýadyr. Ýurduň hökümeti 2030-njy ýylda 6G ulgamyna geçmek üçin dürli ylmy-barlag taslamalaryna 116 million ýewro gönükdirmegi meýilleşdirýär. Madrid şäheri 2030-njy ýylda 6G ulgamly internetden peýdalanyp başlar.
6G ulgamynyň kabelsiz geçirijilik ukybynyň has ýokary bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda bu ugurdaky işleri ýygjamlaşdyran Koreýa Respublikasy 2028-nji ýylda 6G ulgamyna geçmegi maksat edinýär. Ýewropada Germaniýa bilen Fransiýa hem bu ugurdaky ylmy-barlag taslamalaryny maliýeleşdirýär.
Gaýyp AGAJUMAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.