Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ýurduň hökümetiniň syýahatçylyk pudagyndan gelýän girdejileri 35 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini belledi. Türkiýede dynç alýanlaryň sanyny bolsa, 42 milliona ýetirmek göz öňünde tutulýar. Dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň täsiriniň bolandygyny bellän Ersoý muňa garamazdan, Antalýa sebitinde syýahatçylaryň artýandygyny aýtdy.
Geçen ýyl 9 million syýahatçy kabul eden Antalýa sebiti üstümizdäki ýylda bu görkezijini 12-13 milliona ýetirer. Şeýle hem, syýahatçylyk möwsümi oktýabr aýynda tamamlanman, noýabra çenli uzaldyldy.
Mekan ANNABERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.