Dün­ýä­de mo­to­sikl ba­za­ry­nyň ös­jek­di­gi­ne ynam bildirýän «Hon­da» kom­pa­ni­ýa­sy müş­de­ri­le­ri­niň ös­ýän is­leg­le­ri­ni na­zar­da tu­tup, tä­ze mo­del­le­ri­ni taý­ýar ed­ýär. Ýa­pon bren­di 2025-nji ýy­la çen­li glo­bal de­re­je­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän 10-dan köp mo­to­sik­li sa­tu­wa çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa şeý­le ulag­la­ryň ýyl­lyk sa­tu­wy­ny gel­jek bäş ýy­lyň do­wa­myn­da 1 mil­lio­na, 2030-njy ýy­la çen­li 3,5 mil­lio­na ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň umu­my mo­to­sikl sa­tu­wy­nyň 15 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rer. Kom­pa­ni­ýa 2050-nji ýy­la çen­li äh­li önüm­le­rin­de we önüm­çi­lik pro­se­sin­de «nol kö­mür­tur­şy ga­zy» de­re­je­si­ne ýet­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin bolsa mo­to­sikl, we­lo­si­ped ýa­ly iki ti­gir­li ulag­la­ry­nyň tüs­se­çy­kar­syz gör­nüş­le­ri­ni kö­pel­der. Kom­pa­ni­ýa 2024–2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Azi­ýa, Ýew­ro­pa we ýa­pon ba­za­ry üçin «Com­mu­ter EV» mo­de­li­ni sa­tu­wa çy­ka­rar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de her ýyl­da 50 mil­li­on tö­we­re­gi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­to­sikl sa­tyl­ýar.
Mo­to­sikl sa­tu­wy­ny art­dyr­mak we zar­ýad be­ket ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len «Hon­da» şu ýy­lyň ap­re­lin­de «Ka­wa­sa­ki», «Su­zu­ki» we «Ya­ma­ha» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bi­le­lik­de «Gachaco» at­ly tä­ze kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bi­le­lik­dä­ki kom­pa­ni­ýa ba­ta­re­ýa­la­ryň bir­meň­zeş ül­ňü­si­niň taý­ýar­lan­ma­gy­ny we inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy­ny mak­sat edin­ýär. Şeý­le­lik­de, mo­to­sikl ön­dü­ri­ji ýa­pon kom­pa­ni­ýa­larynyň 4-si bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy­ny art­dy­rar.

Hi­wa­li HÜM­ME­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.