17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatylarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.
Ýolagçy awtomenzillerinde ýolagçylara şäheriçi, şäherýaka we şäherara awtobus ugurlary boýunça ýokary hilli we medeniýetli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin doly mümkinçilikler döredilendigi aýdyldy.
Täze awtomenzillerde awtobuslara GPS arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol kartlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilikler döredildi.
Şeýle hem bu ýerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ýokary derejeli şertler üpjün edildi.