Şu gün, 20-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guralýan bu sergi belent maksatlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.
Sergä ýurduň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny we hususy ulgamyň önümlerini tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Serginiň dowamynda Aşgabadyň Modeller öýi tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli türkmeniň milli egin-eşikleriniň görkezilişi boldy. Zenanlara, erkeklere we çagalara niýetlenen täze lybaslaryň görkezilişine myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ertir sergi öz işini dowam eder. Sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli Diplomlar we güwänamalar gowşurylar.