Alymlar birnäçe ýyl mundan ozal arylaryň haýran galdyryjy matematik endikleriniň bardygyny subut edipdiler. Bal ýygnaýjylar pikir edişimizden has «akylly» bolup, ýörite tanslar arkaly iýmitiň näderejede uzakdadygyny we haýsy tarapdadygyny bir-birine aýdyp bilýärler.

Soňky geçirilen barlaglarda arylaryň has uly matematik ukyplarynyň bardygy: 4-e çenli «sanap bilýändikleri» ýüze çykaryldy. 2018-nji ýylda Awstraliýada barlag geçirijiler arylaryň nol sana düşünip bilýändiklerini subut edipdiler. Bu gaty geň galdyryjy ýagdaý bolup, beýleki barlaglarda delfinleriň, maýmynlaryň we käbir guşlaryň nola düşünýändikleri anyklanypdy. Awstraliýaly alymlar ýakynda goşmak we aýyrmak amallarynyň ýerine ýetirilişini bilmek üçin arylarda barlag geçirdiler. Meýdançada birnäçe üçburçluk we tegelek şekilleri bolan kartlary asdylar. Üçburçluk we tegelek bölejiklerde 1-den 10-a çenli sanlar görkezilip, hersiniň aşagynda kiçijik suwly gutujyk bar. Eger ary sany dogry saýlasa şekerli suw, ýalňyşsa turşy suw içýär. Barlagyň netijesinde arylaryň 70%-iniň sanlary dogry saýlandygy ýüze çykaryldy. Alymlar barlagyň dowamynda arylaryň täze sanlary öwrenendiklerini belläp geçýärler. Ýöne sany dogry saýlamak üçin arylaryň haýsy usuly ulanandyklaryna henizem düşünenoklar. Barlagyň netijesinde alymlar arylaryň beýnisini öwrenmek arkaly birnäçe tehnologik ösüşleri gazanyp boljakdygyny ýüze çykardylar. Ýeri gelende bellesek, arynyň beýnisi adam beýnisinden 86 müň esse kiçidir.