Ilkinji parahatçylyk güni 1982-nji ýylda bellenilip başlandy. Ilkibaşda bu sene sentýabr aýynyň üçünji sişenbesi – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenildi. Bu güni bellemek baradaky karar 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, 2002-nji ýyla çenli bu halkara güni sentýabr aýynyň üçünji sişenbesi bellenildi. Halkara parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemek karary BMG-niň  Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisinde kabul edildi (2001-nji ýylyň 28-nji sentýabry). Şondan bäri her ýylyň 21-nji sentýabry dünýä döwletlerinde Halkara parahatçylyk güni (International Day of Peace) giňden bellenilýär.

Her ýyl 21-nji sentýabrda BMG-de dürli çäreler geçirilýär. Günüň açylyş dabarasy BMG-nyň Baş sekretarynyň ýüzlenmesi bilen başlanýar, şondan soň Parahatçylyk jaňy kakylýar. Bir minutlyk dymyşlykdan soň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy ýüzlenme bilen çykyş edýär. Parahatçylyk jaňy Afrikadan başga ähli yklymlaryň çagalary tarapyndan sowgat edilen teňňeleriň eredilip, ýörite galyba guýmak arkaly ýasalýar. Onuň ýüzünde bolsa “Ýaşasyn dünýä parahatçylygy” atly ýazgy ýazylýar.

Halkara parahatçylyk güni her ýyl bir mowzuk bilen bellenilýär:

2007-nji  ýyl – “Parahatçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary çagyryşy”.

2008-nji ýyl – “Adam hukuklaryny we parahatçylygy goramak”.

2009-njy ýyl – “Ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk”.

2010-njy ýyl – “Ýaşlar – parahatçylyk we ösüş üçin”.

2011-nji ýyl – “Parahatçylyk we demokratiýa: Pikiriňizi beýan ediň!”.

2012-nji ýyl – Durnukly geljek üçin durnukly dünýä.

2013-nji ýyl – Parahatçylyk üçin bilim.

2014-nji ýyl – “Halklaryň parahatçylyk hukugy”.

2015-nji ýyl – “Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk – hemme üçin adalatly iş”.

2016-nji ýyl – “Durnukly ösüş maksatlary: Parahatçylyk esaslary”.

2017-nji ýyl – “Parahatçylyk üçin bilelikde hemmelere hormat, howpsuzlyk we mertebe”.

2018-nji ýyl – “Parahatçylyk hukugy: Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy  (70 ýyl)”.

2019-njy ýyl – “Parahatçylyk üçin howa hereketi”

2020-nji ýyl – “Dünýäni bilelikde şekillendirmek”.

2021-nji ýyl – “Adalatly we durnukly dünýä üçin has gowy gurmak”.

Bu ýyl bolsa Halkara parahatçylyk güni “Jynsparazlygy bes ediň! Parahatçylygy guruň!” mowzugy bilen bellenilýär.

Parahatçylyk medeniýeti gepleşikleriň we öňüni alyş medeniýetidir. Bu medeniýet biziň ýurdumyzyň syýasatynyň hem esasy ýörelgesidir. Indi döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi goldaýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir tutumy dünýä halklarynyň birek-birek bilen ynanyşyp, goldaşyp, parahat durmuşda eşretli ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Munuň mysalynda, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip bellemek hakynda karar kabul edildi. Bu bolsa dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Begenç AŞYROW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby