“Apple” kompaniýasynyň önümleriniň uly bölegi Hytaýda, Taýwanda, azda-kände-de Hindistanda öndürilýär. Amerikan brendi önümçilik zynjyryny has çeýe etmek üçin önümçilik kärhanalaryny artdyrmak isleýär. Tehnologiýa ägirdi 2025-nji ýyla çenli “iPhone” önümçiliginiň 25 göterimini Hindistanda amala aşyrmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda “iPhone”-yň 5 göterimi Hindistanda öndürilýär. Kompaniýa diňe smartfonlary däl, beýleki enjamlaryň (“iPad”, “Apple Watch”, “AirPod” we “Mac”) hem önümçiligini hem dürli zawodlarda öndürmegi meýilleşdirýär. “Apple” 2017-nji ýyldan bäri Hindistanda “iPhone” öndürýär. Ilkibaşda bu ýurtda iň arzan “iPhone” bolan SE öndürilip başlandy. Ilki diňe Hindistan bazary üçin öndürilýän ‘iPhone”-lar, soňlugy bilen eksport hem edilip başlandy.

Hojageldi Meredow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby