“Live Science” atly ylmy portal ähli döwürleriň has belli bolan 24 sany täsin arheologik açyşyny mälim etdi. Sanawyň başyny 1799-njy ýylda Müsürde fransuz esgerleri tarapyndan tapylan Rozett daşy açýar. Onda miladydan 196 ýyl öň, ruhanylaryň Ptolemeý V ugradan üç dilde ýazylan hoşallyk haty haşamlanypdyr. Ondan soňra VII asyrda şa Aşşurbanipalyň buýrugy bilen Assiriýanyň paýtagty Ninewiýada bina edilen kitaphana ýatlanyp geçilýär. 1850-nji ýylda arheologlar 30 müňden gowrak klinopis ýazgyly toýundan edilen tablisajyklary ýüze çykardylar. Olar administratiw we hukuk resminamalaryndan, lukmançylyk ugrundan, ylmy hemde edebi eserlerden, şol sanda, “Gilgameş hakda şadessandan” we beýlekilerden ybaratdyr. Ady rowaýata öwrülen Troýa üçünji orna düşdi. “Iliada”-da beýan edilen şäheri, XIX asyrda Genrih Şliman häzirki Türkiýäniň çäklerinden ýüze çykardy. Dördünji orny bolsa, 1922-nji ýylda britan arheology Goward Karter tarapyndan ýüze çykarylan Tutanhamonyň gadymy aramgähi eýeleýär. Bäşinji orna Maçu-Pikçu şäherindäki 1911-nji ýylda ýüze çykarylan ýer düşdi. Ol Peruda deňiz derejesinden 2450 metr belentlikde ýerleşýär. Maçu-Pikçuny “Inkleriň ýitiren şäheri” hem diýip atlandyrýarlar. Käbir bilermenler onuň diňe dini dabaralary geçirmek maksady bilen gurlandygyny öňe sürýärler. Şeýle hem sanawa: Pompei we Akrotiri şäherinde wepat bolanlar, Öli deňziniň kenarlaryndan tapylan külterlenen golýazmalar, Tanzaniýadaky Olduwaý jülgesi, Hytaýdaky heýkellerden ýasalan uly goşun, Etstal jülgesinden tapylan buz adamy, awstralopitek Lýusi (zenan ystyhany), Knoss köşgi, Angliýadaky Satton Hu nekropoly, Ispaniýadaky Altamira gowagy, Pashi adasyndaky heýkeller, antikiter mehanik abzaly, Naska diýlip atlandyrylýan daşyň ýüzüne ýazylan ýazgylar, Woýniçiň golýazmasy, Türki- ýedäki “gebekli tepe”, Angliýada tapylan staffordşir hazynasy, Müsür piramidasy, Madab kartasy we korol Riçard III mazary girizildi.