Şu gün – 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet münberi toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Münberde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.

Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýörişe doly taýýarlygy hakyndaky hasabatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow harby ýörişe başlamaga rugsat berdi. Däp bolşy ýaly, ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi. Harby düzümleriň esgerleri bolsa öz ukyp-başarnyklaryny, nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişinden soňra, meýdançada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary peýda boldy. Münberden ýaňlanan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary watançylyk mazmunly aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlandy.

Dabaraly ýörişden pursatlar