“Sam­sung” özü­ne de­giş­li il­kin­ji karz pe­te­gi­ni hö­dür­le­di. Bu kar­tyň eýe­le­ri alan ha­ryt­la­ry­nyň tö­le­gi­niň 10 gö­te­ri­mi­ni yzy­na alyp bi­ler­ler. Kar­tyň “he­mi­şe­lik” we “gol­ly” at­ly iki gör­nü­şi bar. Ko­reý bren­di bu kar­ty çy­kar­mak üçin “Axis Bank” we “Visa” bi­len hyz­mat­daş­lyk edip­dir. Kart hä­zir­lik­çe di­ňe Hin­dis­tan­da el­ýe­ter­li edil­di. Bu kar­tyň ähi “Sam­sung” önüm­le­rin­de ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi mä­lim edil­di. Kar­tyň “gol­ly” gör­nü­şin­de tö­le­giň yzy­na ge­çi­ril­jek muk­da­ry çäk­len­dir­lip­dir. “He­mi­şe­lik” gör­nü­şin­de bol­sa bu muk­da­ryň has köp­dü­gi ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem kar­tyň ula­ny­jy­la­ry utuk top­la­mak ar­ka­ly beý­le­ki brend­le­riň ha­ryt­la­ry­ny hem ar­zan ba­ha­dan alyp bi­ler­ler.

Ju­ma­na­za­r Ju­ma­na­zarow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by