Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) paýtagty Pekin şäherinde geçiriljek “Bir zolak-bir ugur” strategiýasynyň çäklerinde hyzmatdaş­ lyk etmek boýunça halkara foruma 20-den gowrak ýurduň Lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Wan I metbugat ýygnagynda habar berdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin Şweýsariýanyň Dawos şä­ herinde geçirilen Bütindün­ ýä ykdysady forumda eden çykyşynda Pekinde şu ýylyň maý aýynda halkara derejesinde uly forumyň gurnaljakdygyny habar beripdi. – 20 ýurduň döwlet we hökümet baştutany, 40-dan gowrak halkara guramalaryň ýolbaşçylary, 100-den gowrak ministr derejesinde ygtyýarly wekiller hem-de dünýäniň dürli künjeginden 1,2 müňe golaý wekiliýet geler – diýip, Wan I gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, sammitiň çäklerinde liderleriň tegelek stoluň başyndaky ýygnagyndan başga-da maliýe, infrastruktura we dürli meseleler boýunça 6 sany uly duşuşyk geçiriler. Hytaýyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Bir zolakbir ugur” strategiýasy ähli döwletlere uly girdeji getirer – diýlip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenip geçil­ ýär. Bu başlangyç halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin örän oňat giňişlik bolar. Hytaý bu başlangyjy 2013nji ýylda öňe sürüpdi. Ol Ýewraziýa yklymynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ol iki ugry öz içine alýar: Ýüpek ýolunyň ykdysady hem-de deňiz ugrudyr. Bu ýerde gürrüň gündogardan günbatara harytlaryň gönüden-göni geç­ megi üçin ulag geçelgelerini döretmek barada gidýär.
Hytaý 2017-nji ýylda awtoulag infrastrukturasynyň we suw ulaglarynyň ösüşine 1,8 trillion ýuan (çen bilen 262 milliard dollar) maýa goýar diýlip, ýurduň 2017-nji ýyl üçin niýetlenen durmuş-ykdysady ösüşiniň meýilnamasynyň taslamasynda mälim edilýär. “Şu ýyl awtoulag we suw ulag ýollaryna maýa goýumlarynyň uly möçberini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar” diýlip, resminamada aýdylýar. Mundan ozal, HHR-iň ulag ministri Li Sýaopan Hytaý hökümetiniň ýurduň ösüşiniň (20162020-nji ýyllar) 13-nji bäşýyllyk meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ulag infrastrukturasyna 15 trillion ýuan (2,18 trillion dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Onuň aýtmagyna görä, esasan hem, bu seriş­ delerden 3,5 trillion ýuan (508,6 milliard dollar) demir ýol gurluşyk infrastrukturasyna gönükdiriler, 7,8 trillion ýuan (1,13 trillion dollar) awtoulag ýollarynyň gurluşygyna, 650 milliard ýuan (94,5 milliard dollar) raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyna, ýene-de 500 milliard ýuan bolsa (72,66 milliard dollar) suw ulaglaryna goýberiler. Hytaý ulag düzümini döwrebaplaşdyrýar “Hy­ta­ýyň 2017-nji ýyl­da da­şa­ry ýurt­la­ra gö­ni ma­li­ýe ma­ýa go­ýum­la­ry ABŞ-nyň 170 milliard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lar” diý­lip, ýur­duň 2017-nji ýyl üçin ni­ýet­le­nen dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiniň me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­syn­da mä­lim edil­ýär. 2017-nji ýyl­da da­şa­ry ýurt­la­ra gö­nük­di­ril­ýän ma­li­ ýe däl se­riş­de­le­ri­niň çak edil­ýän gö­ni ma­ýa go­ýum­lary­nyň muk­da­ry 2016-njy ýy­lyň de­re­je­sin­de (ABŞ-nyň 170 mil­liard dol­la­ry) sak­lan­ýar diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýurt­la­ra ma­li­ýe däl gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry 2016-njy ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça 1,129 tril­lion ýua­na deň bo­lup, 2015-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 44 gö­te­rim köp­dür.
2017-nji ýyl­da HHR-iň yk­dy­sa­dy­ýeti­ne gö­ni da­şa­ry ýurtma­ýa go­ýum­la­ry ABŞ-nyň 126 mil­liard dol­la­ry­na bara­bar bol­dy diý­lip, ýur­duň şu ýyl üçin ni­ýet­lenen dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň me­ýil­na­ma­synyň tas­la­ma­syn­da mä­lim edil­ýär. 2016-njy ýy­lyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Hyta­ýyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 4,1 gö­te­rim ar­typ, 2015-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 813,22 mil­liard ýu­an­dan yba­rat bol­dy. Hytaýyň ykdysadyýeti ýokary dep­ginler bilen ösmegi dowam etdirýär. Ýurduň çä­ginde we daşary ýurtlardaky maýa go­ ýum taslamalary onuň ösüşine oňyn tä­ sirini ýetirýär.