“Dünýäniň iň iri pensiýa gaznasy ilkinji gezek dört çärýegiň içinde paýnamadaky bahalaryň ösmeginiň saýasynda girdeji gazandy” diýip, “Bloomberg” habar berýär. Ýaponi ýanyň döwlet pensiýa maýa goýumlary gaznasy (GPIF) iýul-sentýabr aýlarynda maýa goýumlarynda 132,1 trillion ýen möçberinde hususy serişdelerini artdyryp, 1,8 göterim ösüş ýa-da 2,4 trillion ýen (21 milliard dollar) gazandy. Bu gaznanyň girdejisi ýapon we daşary ýurt paý namalaryna maýa goýulmagynyň netijesinde 3,1 trillion ýene deň boldy. Bu bolsa, 706,9 milliard ýen möçberindäki obligasiýa boýunça ýitgileriň öwezini dolmaga ýardam berdi. Ge çen üç çärýegiň dowamynda gazna 15 trillion ýen ýitirdi. Ol öz strategiýasyny tä zeden gözden geçirenden we obligasiýany satyn almagyny azaldandan soň, gaznanyň ýitgisi 2014-nji ýylyň okt ýabryndan bäri gazanylan maýa goýumlardan gelýän girdejilerden agdyk geldi.