Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidiumynyň häzirki agzasy Milorad Dodik Serb Respublikasynyň prezidentligine geçirilen saýlawlarda ýeňşini mälim etdi. Dodik duşenbe güni agşam çykyş edip, garaşsyz Sosial-demokratlar bileleşiginiň baş edarasynyň saýlawçylaryna ýüzlendi.

-274,977 adam meni goldady, 246,425 adam meniň bäsdeşimi goldady. Bu şeýle netijäniň we şeýle tendensiýanyň ýeňşi kepillendirýändigine ynandyrýar we prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygymyzy tassyklaýar. Ses berenlere sag bolsun aýdýaryn, Serb Respublikasy möhüm demokratik synagdan geçdi diýip pikir edýärin – diýip, Milorad Dodik belledi.

Ol Želka Swiýanowiçi Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidimunyň agzasy wezipesine dalaş etmekdäki ýeňşi bilen gutlady.

Milorad Dodik Bosniýa we Gersegowinadaky Serb Respublikasynyň Prezidenti hökmünde Serbiýa, Wengriýa we Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýtdy.

-Dalaşgär bolanyma buýsanýaryn, indi bolsa men Serb Respublikasynyň tassyklanan Prezidenti. Serb Respublikasynyň durnukly bolmagyny, öz syýasatyny alyp barmagyny we möhüm hyzmatdaşlarymyz – Serbiýa, Russiýa, Wengriýa bilen hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin ähli zady berjaý ederin – diýip, Dodik belledi. Bosniýa we Gersegowinada geçirilen umumy saýlawlara gatnaşanlaryň sany 50% boldy. Saýlawlara jemi 90 partiýa, 38 koalisiýa, 17 garaşsyz dalaşgär gatnaşdy. Ýurta 3,3 milliondan gowrak adamyň ses bermäge hukugy bar. 60 müňden gowrak adam synçy hökmünde hasaba alyndy. Ýurduň 1992-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolany bäri dokuzynjy gezek umumy saýlawlar geçirilýär.