Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik parti ýasynyň gurultaýy partiýanyň düzgünnamasyna üýtgetmeleri girizmek we onuň lideriniň ygtyýarlyklarynyň möhletini 9 ýyla çenli uzaltmak barada karar kabul etdi. Bu barada “Kioda” habarlar agentligi habar berýär. Ýekşenbe güni geçirilen Liberal-demokratik partiýanyň gurultaýy üç ýyldan häzirki iki möhlete (jemi alty ýyl), üç ýyldan üç möhlete çenli, ýagny dokuz ýyla çenli partiýanyň başlygynyň ygty ýarlyklarynyň möhletini uzaltmak barada karar kabul etdi. Ýapon parlamentiniň aşaky palatasynda ge çirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýa ýurduň Premýer-ministri hökmünde öz kandidatyny öňe sürýär. Şeýlelikde, ýeňiş gazanan partiýanyň lideri ministrler kabinetiniň başlygy bolýar. Eger-de LDP öz garaýyşlaryny saklap bilse, gurultaý tarapyndan kabul edilen düzedişler Sindzo Abeniň 2021nji ýyla çenli Premýer-ministr wezipesinde öz ygtyýarlyklaryny, hakykatdan-da, uzaltjakdygyny habar berýär. Ozalky düzgüne la ýyklykda, onuň partiýanyň başlygy wezipesindäki ygtyýarlyklarynyň möhleti 2018-nji ýylda tamamlan ýar. 2018-nji ýylyň güýzünde partiýanyň başlygynyň saýlawlary ge çiriler. Garaşylyşyna görä, Abe öz kandidaturasyny öňe sürer.