Fransiýada barha golaýlaýan esasy sy ýasy-jemgyýetçilik wakasy hasaplanýan prezident saýlawlarynyň çäklerinde ýurduň Respublikan parti ýasy özüniň dalaşgärini tassyklady. Fransua Fiýon partiýanyň ýeke-täk hem-de kanuny dalaşgäri boldy. Partiýanyň geňeşinde bu barada aýgytly netijä gelindi. Ýurduň “Le Figaro” gazetiniň habaryna gö rä, partiýanyň syýasy komiteti dalaşgär Fransua Fiýona goldaw berdi. Partiýanyň ýene-de bir dalaşgäri Allen Žýuppe saýlawa gatnaşmakdan ýüz öwrenden soňra, Fi ýon ýeke-täk dalaşgär bolup galdy. Mundan başga-da Fransiýanyň Milli front partiýasynyň dalaşgäri Marin Le Pen halk saýlaw çylarynyň zerur bolan 500 goluny ýygnap, saýlawlara gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Bu barada partiýanyň baş sekretary Nikolýa Be habar berdi. Bulardan başga-da, saýlawlara gatnaşmak üçin zerur bolan goly ýygnan dalaşgärler – ozalky hökümet başlygy Fransua Fiýon, ozalky bilim ministri Benua Amon, öňki ykdysadyýet ministri Emmanuel Makron, Ör tur, Fransiýa partiýasynyň ýolbaşçysy Nikolýa Dýupon-Enýan. Kanuna laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaş edýänler 500 halk saýlawçysynyň goluny almagy gerek. Ýurtda saýlawlar 2 tapgyrda, 23-nji aprelde we 7-nji maýda geçiriler.