Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mi­ha­il Mi­şus­tin be­ýik rus ýa­zy­jy­sy Lew Tols­to­ýyň 2028-nji ýylda dog­lan gü­nü­niň 200 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek we ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­ne Pre­zi­dent ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy An­ton Wai­no ýol­baş­çy­lyk eder. De­giş­li res­mi­na­ma ka­nu­ny mag­lu­mat­la­ryň res­mi por­ta­lyn­da çap edil­di.

Mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şant go­şan rus ýa­zy­jy­sy, fi­lo­so­fy Lew Tols­toý 1828-nji ýy­lyň 28-nji aw­gus­tyn­da Tu­la gu­ber­ni­ýa­syn­da­ky Ýas­na­ýa Pol­ýa­na di­ýen ýer­de baý aris­tok­rat maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Ol Ka­zan uni­wer­si­te­tin­de oka­ýar, ýö­ne soň­lu­gy bi­len ony taş­la­ma­ly bol­ýar. 23 ýa­şyn­da «Ça­ga­lyk», «Ýet­gin­jek­lik» we «Ýaş­lyk» ýa­ly aw­to­bi­og­ra­fik tri­lo­gi­ýa­la­ry­ny ýaz­ýar. Ar­til­le­ri­ýa­nyň ser­ker­de­si bo­lan Tols­toý har­by we­zi­pe­si­ni ta­mam­lan­dan soň­ra, Sank­t-Pe­ter­bur­ga gid­ýär. Onuň «Sow­re­men­nik» žur­na­lyn­da çap et­di­ren «Se­was­to­pol he­ka­ýa­la­ryn­da» ýa­zy­jy­lyk uky­by bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len ýü­ze çyk­ýar. Tols­toý 1857-nji ýyl­da Ýew­ro­pa sy­ýa­ha­ta gid­ýär.
Ol 1853-nji ýyl­dan 1863-nji ýy­la çen­li ara­lyk­da «Ka­zak­lar» at­ly po­wes­ti­ni ýa­zyp bo­lan­dan soň­ra ede­bi­ýat işi­ni bes edip, mülk­dar bol­ma­gy we oba­da aň-bi­lim iş­le­ri bi­len meş­gul bol­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­ýär. Ol şu mak­sat bi­len Ýas­na­ýa Pol­ýa­na gel­ýär we daý­han­la­ryň ça­ga­la­ry üçin mek­dep açyp, özü­niň şah­sy tä­lim be­riş ul­ga­my­ny dö­red­ýär.
Ýa­zy­jy 1863-1869-njy ýyl­lar­da «Uruş we pa­ra­hat­çy­lyk» at­ly uly ro­ma­ny­ny, 1873-1877-nji ýyl­lar­da «An­na Ka­re­ni­na» ro­ma­ny­ny ýaz­ýar. Şu ýyl­lar­da ýa­zy­jy­nyň dün­ýä­ga­raý­şy bü­tin­leý kä­mil­le­şip, onuň «To­ba», «Me­niň yna­mym nä­me?», «Kreý­se­riň so­na­ty» ýa­ly eser­le­rin­de dur­mu­şyň düýp­li me­se­le­le­ri goz­gal­ýar. Onuň tag­ly­ma­ty di­ni-pel­se­pe­wi eser­le­rin­de be­ýan edi­lip, ada­myň ah­lak kä­mil­li­gi, şe­re we bet­ni­ýet­li­li­ge gar­şy esa­sy da­ýanç hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Soň­ra ýa­zy­jy­nyň «Tüm­lü­giň hök­mü­ro­wan­ly­gy», «Aň-bi­li­miň mi­we­le­ri» ýa­ly dur­mu­şyň ka­nun­la­ry ha­kyn­da öwüt-ne­si­hat ber­ýän he­ka­ýa­lar tap­gy­ry çapdan çyk­ýar.
Ýas­na­ýa Pol­ýa­na bü­tin dün­ýä­den we ýur­duň äh­li kün­jek­le­rin­den ýa­zy­jy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne hor­mat goý­ýan­lar we oňa ru­hy ha­ly­pa hök­mün­de ga­ra­ýan­lar ge­lip ug­ra­ýar. 1899-njy ýyl­da onuň «Jan­lan­ma» at­ly ro­ma­ny çap edil­ýär. «Ata Ser­giý», «Bal­dan soň­ra», «Go­ja Fýo­dor Kuz­mi­çiň ýaz­gy­la­ry» we «Di­ri me­ýit» dra­ma­sy ýa­zy­jy­nyň iň soň­ky eser­le­ri­dir.
Tols­to­ýyň ýü­re­gin­den sy­zy­lyp çy­kan eser­le­rin­de özü­niň ru­hy dra­ma­sy hem be­ýan edi­lip, jem­gy­ýe­tiň öňün­de dur­mu­şyň ha­ky­ky ma­ny­sy çar­pa­ýa gal­ýar. Ol 1910-njy ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da Ýas­na­ýa Pol­ýa­na­ny taş­lap gid­ýär, ýol­da bar­ýar­ka ke­sel­läp, ot­lu­dan düş­ýär we As­ta­po­wo­da­ky Rýa­zan-Ural de­mir ýol stan­si­ýa­syn­da gal­ma­ga mej­bur bol­ýar. Ol bu ýer­de stan­si­ýa­nyň baş­ly­gy­nyň öýün­de öm­rü­niň iň soň­ky hep­de­si­ni ge­çi­rip, 1910-njy ýy­lyň 7-nji no­ýab­ryn­da ara­dan çyk­ýar.