Dur­mu­şy­ňyz bir bo­luş­ly ýa­ly gö­rün­se-de, ed­ýän iş­le­ri­ňi­ziň beý­le­ki adam­lar üçin ha­ky­ky gym­mat­lyk­dy­gy­ny we mö­hüm­di­gi­ni ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Şu gün­ki gü­nüň ça­ga­la­ry er­tir­ki dün­ýä­ni has go­wy we bagt­ly me­ka­na öwür­me­li­dir­ler.

Ýe­li­za­we­ta II.

Dün­ýä­de adam­lar üçin iň bol­man­da bir dam­ja ýag­şy­lyk etmekden has go­wy duý­gy ýok­dur.
Dur­mu­şyň ma­ny­sy­nyň iň gys­ga be­ýa­ny şeý­le bo­lup bi­ler: dün­ýä he­re­ket ed­ýär we kä­mil­leş­ýär. Esa­sy we­zi­pe bu he­re­ke­te go­şant goş­mak we hyz­mat­daş­lyk et­mek­dir.
Her kim dün­ýä­ni üýt­get­me­gi ar­zuw ed­ýär, ýö­ne hiç kim özü­ni üýt­get­me­gi mak­sat edin­me­ýär.

Lew Tols­toý.

Pa­ra­hat­çy­lyk, bagt, adam­la­ryň do­gan­ly­gy – ine bu dün­ýä­de bi­ze ge­rek iň esa­sy zat.

Mark Twen.

Pa­ra­hat­çy­lyk – adam­la­ryň bu dur­muş­da is­le­ýän iň ýo­ka­ry eş­re­ti­dir.
Mi­gel de Ser­wan­tes.
Eger­-de biz bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk ga­zan­mak is­le­sek, ony ça­ga­la­ry­myz­dan baş­la­ma­ly.

Ma­hat­ma Gan­di.

Dün­ýä­de hiç kim bü­tin­leý kä­mil bo­lup dün­ýä in­me­ýär, ýö­ne onuň bü­tin öm­ri he­mi­şe he­re­ket ed­ýän ösüş­den, üz­nük­siz kä­mil­leş­mek­den baş­ga bir zat däldir.

W. G. Be­lins­kiý.

Adam­lar bi­len ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­mak üçin il­ki özüň bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­ly.

Harper Li.

Adam adam bol­ma­ga ta­gal­la eden­de adam bol­ýar.

Aleksandr Gel­man.

Adam üçin dün­ýä­de adam­lar­dan baş­ga has gy­zyk­ly zat ýok.

Wilgelm Gum­boldt.

Ada­myň mak­sa­dy ýag­şy­lyk et­mek­dir.

Wladimir Dal.

Dur­mu­şa iň sag­dyn jo­gap şat­lyk­dyr.

Di­pak Çop­ra.