Gresiýa Bütindünýä bankyna işsizlik bilen göreş maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde 3 milliard ýewro sorap, ýüz tutdy. Bu barada Gresiýanyň hökümetiniň başlygy habar berdi diýip, “The Wall Street Journal” ýaz ýar. Onuň habaryna görä, Afiny Bütindünýä bankyndan ýakyn üç ýylyň içinde 300 müň iş ýerini döretmek we ýurtdaky 23 göterim işsizligiň derejesini azaltmak maksady bilen pul sorap ýüz tutdy. “The Wall Street Journal”-yň bellemegine görä, bank şeýle karzlary diňe ösen ýurtlara berýär, Gresiýa hem ösen ýurtlaryň biri hasaplan ýar. Bütindünýä banky Gresiýadan şeýle haýyş hatyny alanlygyny tassyklady. Edaranyň wekiliniň aýtmagyna görä, Gresiýanyň hökümeti Bütindünýä bankyndan derwaýys meseleleri, şol sanda işsizlik, ykdysady bäsdeşlik edip bilmek, şeýle hem sosial gorag meselelerini çözmekde tehniki we maliýe ýardamy bermegi sorap, ýüz tutdy. Şeýle hem ol Gresiýa ýardam bermek boýunça kararyň ül ňülere laýyk ýörelgeler esasynda kabul ediljekdigini belläp geçdi.