4-nji oktýabrda ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jozef Baýdeniň 2024-nji ýylda hakykatdan hem prezidentlige dalaş etmek isleýändigini aýtdy. Bu barada NBC teleýaýlymy Ak tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýere salgylanyp habar berdi. Baýden sentýabr aýynda hem täze saýlawlara gatnaşmak islegi barada aýdypdy. Sişenbe güni, çäreleriň birinde ýene-de bu niýetini mälim etdi.