Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýlandygyny, düýpli hukuk binýadynyň döredilendigini, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belläp, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar has-da giňeldilýändigine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekip, hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejesine çykylandygy aýdyldy. Hormatly Arkadagymyz bu resminamanyň Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklarynyň esasy binýadyny emele getirýändigini, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häsiýetini, ugruny we mazmunyny kesgitleýändigini, Hytaý Halk Respublikasynyň halkara giňişlikde Türkmenistana, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryna berýän goldawyny aýratyn belleýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Ýangyç-energetika pudagynyň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugrudygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu gaz geçiriji energiýa taslamalaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz “Häzirki wagtda biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys” – diýip belledi.