Yrak öz infrastrukturasyny ösdürmek maksady bilen Beýik Britaniýadan 10 milliard funt (12 milliard dollardan gowrak) möçberinde karz serişdelerini alar. Bu barada “Reuters” Yragyň maliýe ministri Abdel-Razak al-Isa salgylanyp, habar ber­ ýär. Ýöne diňe Ýakyn Gündogar ýurtlarynda iş alyp barýan britan kompaniýalary ösüş üçin gönükdirilen bu karzlaryň serişdelerinden peýdalanyp bilerler. -Bu karzlaryň maksady 10 ýylyň dowamynda infrastrukturalaýyn taslamalary, şol sanda suw gorlaryny we lagymlaryň gurluşygyny mali­ ýeleşdirmekden ybaratdyr–di­ ýip, Abdel-Razak al-Isa mälim etdi. Golaýda bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Yragyň raýatlarynyň öz ýurduna girmegini gadagan edýän kararyny ýatyrdy