Halkymyzyň milli däp-dessurlaryna ýurdumyzda belent sarpa goýulýar. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyz hatyralanýar.
Şu gussaly sene mynasybetli Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, ýurdumyzyň ähli ýerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu toplum türkmenistanly gahrymanlaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir.
Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, Gökdepe galasynyň gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar.
Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlar baradaky hasratly ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda hemişelik saklanýar. 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilýän gijedäki elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursatyň içinde Aşgabady we onuň töweregini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi.
Watan – türkmen üçin ata ýurt, ata-babalaryň ruhy siňen mekany, göbek ganynyň daman ýeri. Türkmen üçin Watanyň ähli zady eziz. Türkmen Watan ezizligini hiç bir ölçege salmaýar. Sebäbi ol beýik.
Biz bu beýikligi ýürekden ykrar edýäris. Mähribandygy, mukaddesdigi we ýeke-täkdigi üçin Watan jandan ileri görülýär. Watanyňy edil ene-ataňy gorap-söýşüň ýaly söýmeli, goramaly. Watan mukaddesdir. Munuň özi merdana pederlerimizden gaýdýan beýik ýörelgedir, ýaş nesiller üçin bolsa beýik göreldedir.
1418 günläp dowam eden 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply ýyllarynda türkmenistanlylar doganlyk milletleriň wekilleri bilen egin-egne berip, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy, tutuş adamzadyň azatlygy ugrunda barlyşyksyz söweşlere gatnaşdylar. Ildeşlerimiziň müňlerçesi uruş ýollaryny geçip, edermenligiň we watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we arassa ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ajaýyp nusgasyny görkezdiler, halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirdiler.
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ähli türkmenistanlylar Hatyra gününi belleýärler. Öýlerde gazanlar atarylyp, sadakalar berilýär. Watan üçin baş goýan merdanalaryň, tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň, şeýle hem ähli öten-geçenleriň ruhuna degsin edilip, aýat-töwir okalýar.
Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan, öten-geçenleri hatyralamak ýaly sogaply işleri göwnejaý ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň, her bir ädiminde nesillere göreldelik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-günüň abadan ýaşaýşy ugrunda alyp barýan işleri rowaç alsyn.