Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ug­ru­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­dil­ýär. Dün­ýä döw­let­le­ri bi­len ys­ny­şyk­ly we ne­ti­je­li sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy, şol bir wagt­da me­de­ni we par­la­mentara gat­na­şyk­la­r iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa ýa­ňy-ýa­kyn­da Gahryman Arkadagymyzyň Ýa­po­ni­ýa döw­le­ti­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­dan hem gör­mek bol­ýar.
Ýa­po­ni­ýa Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly, stra­te­gik hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da däp bo­lan dost­luk­ly iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­dy. Äh­li ugur­lar­da türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy ýyl­sa­ýyn ber­ki­di­lip, hal­ka­ra de­re­je­de uly ösüş­le­re eýe bol­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­tan Ýa­po­ni­ýa bi­len 1992-nji ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. 2013-nji ýy­lyň maý aýyn­da Ýa­po­ni­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň il­çi­ha­na­sy açyl­dy. 2014-nji ýy­lyň 3-nji ma­ýyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry dö­re­dil­di.
Türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar­da ne­ti­je­li ös­dü­ril­ýär. Sy­ýa­sy ug­ry ele ala­ny­myz­da, bu ba­bat­da iki ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ama­la aşy­ry­lan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar iki ýur­duň sy­ýa­sy bin­ýa­dy­ny bar­ha pug­ta­lan­dyr­dy.

Yk­dy­sady ug­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu ugur­da soň­ky ýyl­lar­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň tä­ze­çil ugur­la­ry­na has köp ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­du­lar. Di­ňe soň­ky dört ýy­lyň için­de ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Ga­ra­bo­gaz­da­ky am­mi­ak we kar­ba­mid ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my, Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy, Owa­dan­de­pe­dä­ki te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wod hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­byn­da­ky gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy işe gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da «Ko­mat­su» kom­pa­ni­ýa­sy ba­ha­sy 470 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem köp bo­lan ýer ga­zy­jy teh­ni­ka­la­ry, «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy ba­ha­sy 90 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry bo­lan aw­tou­lag teh­ni­ka­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­na iber­mek ba­ra­da­ky Baş yla­la­şy­gy dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy 11 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan hem geç­ýän, 230 mil­li­on ýew­ro we 17 mil­liard ýe­ne go­laý bo­lan 38 sa­ny ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy.
Ga­ra­bo­gaz­da 600 müň ton­na am­mi­ak, şeý­le-de 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni­ni, Owa­dan­de­pe­de 600 müň ton­na gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wod­la­ry gur­mak, Türk­me­na­bat­da ýyl­da 300 müň ton­na fos­for dö­kü­ni­ni ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy, şo­nuň ýa­ly-da ýur­du­myz­da türk­men we ýa­pon te­le­ke­çi­le­ri­niň bi­le­lik­de 640 müň ton­na kar­ba­mid we 400 müň ton­na am­mi­ak ön­dür­ýän za­wo­dy gur­mak­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bi­lim ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. 2013-nji ýyl­da Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da ylym­la­ry alyş­mak we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga, şeý­le hem 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň hem-de To­kio­nyň da­şa­ry ýurt dil­le­ri uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da aka­de­mi­ki alyş­ma­lar we hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­ýär.
Iş sa­pa­ry­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da, Par­la­men­tiň We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň baş­ly­gy Ho­so­da Hi­ro­ýu­ki, Ýa­pon-türk­men Par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry­nyň baş­ly­gy, Ýa­po­ni­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň ag­za­sy En­do To­şia­ki bi­len du­şuş­dy. Bu hem iki ýur­duň ara­syn­da par­la­mentara gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne giň­den ýar­dam ed­ýär.
Ýa­po­ni­ýa­nyň ka­nun­çy­lyk ul­ga­myn­da iş­le­ýän we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk­da hormatly Arkadagymyz halk­la­ryň bi­le­lik­dä­ki par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, bir­nä­çe tek­lip­le­ri öňe sür­di. Bi­rin­ji­den, Par­la­men­ta­ra dost­luk to­pa­ry­nyň işi­ni güýç­len­dir­mek, ikin­ji­den, ýaş­la­ryň par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak, ony ne­ti­je­li ulan­mak, üçün­ji­den, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar­da ze­nan­la­ryň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, dör­dün­ji­den, par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­lar­da dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak ýa­ly ugur­lar dog­ru­syn­da ka­nun­çy­lyk­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy be­ýan edil­di.
Şu ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­la­ny­na otuz ýyl dol­dy. 2005-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da Aş­ga­bat­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, 2013-nji ýy­lyň maý aýyn­da To­kio­da Türk­me­nis­ta­nyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň açyl­ma­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne mö­hüm çel­gi bol­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn öza­ra gat­na­şyk­la­ryň kuw­wat­ly tol­ku­ny ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gat­na­şyk­la­ra ge­tir­di. Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li söw­da-yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe hyz­mat­daş­lyk iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­mä­ge ýar­dam ed­ýän me­de­ni-gu­ma­ni­tar gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ne hem ýar­dam ed­ýär.

Taň­ry­gu­ly DI­LEG­BER­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.