“Nokia” kompaniýasy täze “XR20 Industrial Edition” atly smartfonyny köpçülige hödürledi. Täze smartfon kompaniýanyň 2021-nji ýylyň iýul aýynda çykarylan “Nokia XR20” smartfonynyň kämilleşdirilen görnüşidir. Mobil enjam “XR20 MIL-STD-810” standartyna laýyk gelip, ýagyşdan, urgudan, Gün şöhlesinden we başga-da köp täsirlerden goralýar. Bu bolsa, enjamy islendik howa we iş şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berer. Munuň üçin telefona ATEX, IECEx, NEC500 we UL ýaly birnäçe standartlara laýyk gelýändigi barada şahadatnama berlipdir. Smartfonyň tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, “Qualcomm Snapdragon 480 5G” prosessor, 6,67 dýuým ekran, 4630 mA/sagat batareýa, 4/6 GB RAM, 64/128 GB içki ýat, 48 MP esasy fotokamera, 13 MP giň burçly linza we 8 MP selfi fotokamera bilen üpjün edilipdir.

Telefonyň internet aragatnaşygynyň 5-nji neslini goldaýandygy habar berildi. Tanyşdyrylyşda 5G-niň 4G-den 20 esse çalt aragatnaşyga mümkinçilik berýändigi bellenilýär. “Nokia XR20 5G Industrial Edition”-yň bahasy we haçan satuwa çykaryljakdygy mälim edilmedi.

Amandurdy Täçliýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby