7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden GDA-nyň nobatdaky resmi däl sammitiniň geçirilýän ýerine — Konstantinowskiý köşgüne tarap ugrady.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldiler.

GDA döwletleriniň ýolbaşçylary “Mermer” zalyna çagyrylýar. Şol ýerde resmi däl sammit geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi. Russiýanyň Baştutany Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça dostlukly ýagdaýda pikir alyşmaga, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňümizdäki hepdede Astanada geçiriljek doly derejeli mejlisiniň öňüsyrasynda garaýyşlary anyklaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Bu gün Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň gün tertibi köp ugurlary, gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejedäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň çözgüdini öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ençeme gezek GDA-nyň howandarlygynda möhüm duşuşyklaryň, forumlaryň we dürli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek. Ýurdumyz netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalşyp, hyzmatdaşlygyň täze, wajyp usullaryny işläp taýýarlamaga, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli öňe sürýär.

Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany aýdyň mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu taglymatlaýyn resminamanyň Arkalaşygyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň netijeleri boýunça biragyzdan makullanylandygyny hem-de kabul edilendigini ýatlatmalydyrys. Şol sammitiň geçirilen ýylynda ýurdumyz GDA-da başlyklyk etdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasy hut ýokarda agzalan Jarnamanyň esasy ýörelgelerine esaslandy. Onda uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar bilen baglanyşan Arkalaşygyň döwletleri köp artykmaçlyklara eýedir. Şolaryň netijeli ulanylmagy umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy has giň geografik we ykdysady sepgitlere çykarmak baradaky başlangyçlary şuňa gönükdirilendir. Bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, ulag, kommunikasiýalar we logistika, energetika, senagat, düzümleýin ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde çykyş edýär. Maýa goýum işini işjeňleşdirmek, özara haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak, harytlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin hem uly mümkinçilikler bar.

GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistan parlamentleriň ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmek we ösdürmek, şu maksat bilen Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň tejribesini işjeň ulanmak ugrunda hem çykyş edýär. GDA-nyň synçylarynyň wekilleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlaw möwsümlerine yzygiderli gatnaşýandygy bellärliklidir. Hususan-da, şu ýyl Arkalaşygyň wekilleri halkara synçylaryň hatarynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna monitoringi amala aşyrdylar.

Arkalaşygyň döwletleriniň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalarynda netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýändigini bellemek ýerlikli bolar. Mysal üçin, GDA ýurtlary Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürýän, Bitaraplygyň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

Şeýlelikde, GDA-nyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammiti Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.