Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi öz işine başlady. Ol türkmen paýtagtyny «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guraldy.

Açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslenen dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda alnyp barylýan işleri mazmun taýdan baýlaşdyrmakda bu çäreleriň ähmiýetine üns çekilýär.

Forum we halkara sergi pudagara derejedäki, şeýle-de türkmen telekeçileriniň, döredijilik ussatlarynyň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döreder. Hususan-da, «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrar.