Yragyň täze Prezidenti Abdel Latif Reşid resmi taýdan döwlet Baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Bu barada Yragyň habar gullugy INA habar berýär.
Ýurduň Wekiller Geňeşi (parlament) penşenbe güni 78 ýaşly Raşidini ýurduň onunjy Prezidenti hökmünde saýlady. Ol gizlin ses berişligiň ikinji tapgyrynda garşydaşy, Yragyň häzirki Prezidenti Barham Salehden has köp ses aldy. Deputatlar diňe dördünji synanyşykdan soň döwlet Baştutanyny saýlamagy başardylar. Abdel Latif Raşidi Muhammet al-Sudany hökümet başlygy edip belledi. Al-Sudanyň Premýer-ministrlige dalaşgärligini şaýy parlament bileleşigi “Utgaşdyryjy güýçler” hödürledi. Al-Sudani Yragyň Prezidentiniň özüne ýurduň mejlisindäki iň uly syýasy blogyň wekili hökmünde täze hökümeti gurmagy tabşyrandygyny aýtdy.