Penşenbe güni, 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Owganystanyň wekili Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoddan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 4,5 müň tonnasyny satyn aldy.

Ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende harydyň bahasy $1 gymmatlap, tonnasynyň bahasy $726,75 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $3,2 million barabar boldy.

Türkiýeli işewür $1,9 milliona dürli görnüşli jins matalary satyn aldy. Gyrgyzystandan gelen telekeçi 11,6 müň kilogram tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini $63,8 müň satyn aldy.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.