Soň­ky ýyl­lar­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Adam­la­ryň gün­de­lik işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa­lar has kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem art­dy­ryl­ýar. Mo­bil en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da dür­li pu­dak­lar­da iş alyp bar­ýan “Sam­sung” bi­len “Go­og­le” bi­ri-bi­ri bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­ýän en­jam­la­ry ön­dü­rer. “Sam­sung Ga­laxy” smart­fon­la­ry hem-de plan­şet­le­ri bi­len “akyl­ly” öý en­jam­la­ry­nyň ül­ňü­si bo­lan “Mat­ter” ar­ka­ly dür­li iş­le­ri­ni aň­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip bo­lar. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de “Sam­sung” en­jam­la­ry “SmartT­hings” plat­for­ma­sy­na-da, “Go­og­le Ho­me” ekoul­ga­my­na hem bi­ri­gip bi­ler. Şeý­le­lik­de, “And­ro­id” ul­ga­myn­da­ky “SmartT­hings” prog­ram­ma­sy bi­len “Go­og­le Ho­me” prog­ram­ma­la­ry bi­ri-bir­le­ri­ne bi­ri­ger. Bu bol­sa, öý en­jam­la­ry­ny te­le­fon­la­ryň ýa-da komp­ýu­ter­le­riň üs­ti bi­len uzak­dan has aň­sat do­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der.
Uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan “akyl­ly” öý en­jam­la­ry­na so­wa­dy­jy­lar, ser­gin­le­di­ji­ler, ho­wur­peç­ler, otag­la­ryň ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­gam­la­ry ýa­ly öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň bir­nä­çe­si de­giş­li bo­lup, bu­lar ýa­şaý­jy­lar üçin uly ýe­ňil­lik dö­red­ýär.

Aman­na­zar AMAN­NA­ZA­ROW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by