16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan gurluşyk işlerini, senagatyň beýleki pudaklaryny, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli gurluşyk armaturasy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmegiň, onuň önümçilikde zerur bolan himiki serişdeler, oda çydamly materiallar hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üznüksiz üpjün edilmeginiň möhümdigi barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleriň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabat diňläp, degişli toplumlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi we gurluşyk senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, onuň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň, gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaýyn düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.