Türkmen ilimiz ýene-de bir uly ählihalk dabarasyny – Milli Bahar baýramyny garşylarlar. Kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu ajaýyp baýramçylyk täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň, şöhratly pederlerimiziň däplerine, döredijiligiň we ýagşylygyň belent ideýalaryna, ynsanyň we daşky gurşawyň gatnaşyklarynyň sazlaşygyna, iň gowy duýgulara we umytlara mizemez ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Nowruz “Täze gün”, “Täze ýyl” diýen manyny aňladyp, gün, ýyl hasaby boýunça Täze ýylyň başlanmagydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Bu baýramçylyk asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten has şatlyk-şagalaňly baýramçylykdyr. Nowruz baýramçylygy her ýylyň mart aýynyň 21-22-sine Milli bahar baýramy hökmünde döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup, myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralary guraýarlar. Nowruz baýramy örän irki döwürlerden bäri bellidir. Ýazda gije-gündiziň deňleşýän gününde baharyň gelmeginiň baýram edilmegi ekerançylygyň köp görnüşleri üçin durmuşyň täzeden janlanmagyny alamatlandyrýar.
Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bahary özüniň bereketi bilen geldi, türkmeniň Hydyr gezen meýdanlary jana girdi, daýhanyň geçen güýzde topraga sepen tohumyndan gögeren maýsalar baharyň ilkinji günlerinde ýagan ýagmyra elinden çekilen ýaly boldy. Tebigatyň geň hem ajaýyp sazlaşygy bar, öz eradasy bilen jümle-jahany ýokdan bar eden Biribar türkmen topragyna dagy-düzi, çeşme-çaýy jomartlyk bilen eçilipdir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Nowruza täzeden jan berlip, 1992-nji ýyldan bäri biziň döwletimizde giňden bellenilýär. Alymlaryň çaklamagyna görä, Nowruz baýramçylygynyň 5 müň ýyllyk taryhy bolmaly, ähli halklarda bolşy ýaly, Gündogar halklary hem ýagşy zady diliniň senasy edip gelýär, bu Nowruz barada aýdylanda hem şeýledir.
Geçen 2016-njy ýylda Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu çözgüt Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň mejlisinde kabul edildi.
Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizmek baradaky degişli başlangyç döwletleriň bir toparyndan – Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelip gowuşdy. Bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenilýär.
Soňra BMG-niň 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçirilen 64-nji Baş Maslahatynyň barşynda BMG-niň Nowruzy Halkara baýramy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi.
Nowruz baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!