Ýewropa Parlamenti Bolgariýanyň hem-de Rumyniýanyň Şengen wiza sebitine goşulmagyny talap etdi. Fransiýanyň Strasburg şäherinde ýerleşýän Ýewropa Parlamentinde geçirilen mejlisde bu iki ýurduň Şengen sebitine goşulmagy bilen bagly hödürlenen kararyň taslamasyna 547 deputat oňyn, 49 deputat garşy ses berdi. Kararyň taslamasynda iki ýurduň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Şengene goşulmagy üçin Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň gyssagly karar bermegi talap edildi. Şeýle karar alnan ýagdaýynda, Şengen wizasy alan daşary ýurtlular bu iki ýurda baryp bilerler hem-de bu iki ýurduň raýatlary beýleki Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna serhetlerdäki gözegçilik nokatlaryndan päsgelçiliksiz geçip bilerler. Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Bolgariýanyň hem-de Rumyniýanyň Şengene goşulmak üçin talap edilýän şertler ýerine ýetirendiklerini belleýär.
Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasyndan Bolgariýa, Rumyniýa, Horwatiýa, Kipr Respublikasy we Irlandiýa Şengen sebitine girmeýär. Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolmadyk Islandiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa we Lihtenşteýn bolsa, Şengen sebitiniň çägine girýär.
Bileleşige agza ýurduň Şengen sebitine girip bilmegi üçin Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň biragyzdan ses bermegi talap edilýär.