Ilaty 7 milliona ýetdi

148

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ila­ty 7 mil­lio­na ýet­di. Ýur­duň Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ýurt­da 7 mil­lio­nyn­jy ça­ga dün­ýä in­di. Go­laý­da hem Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy 20-nji okt­ýab­ra çen­li 7 mil­lio­nyn­jy ra­ýa­ta ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim edip­di.
Şu ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­da ila­tyň sa­ny 6 mil­li­on 977 müň ada­ma ýe­ten­di­gi ha­bar ber­lip­di. 1-nji okt­ýabr­da ilat sa­ny 6 mil­li­on 995 müň bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da Gyr­gy­zys­tan­da ila­tyň sa­ny­nyň 7 mil­lio­na ýet­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di.
Gyr­gy­zys­ta­nyň 6 mil­li­on­jy ra­ýa­ty 2015-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ryn­da, 5 mil­li­on­jy ra­ýa­ty 2002-nji ýy­lyň 27-nji aw­gus­tyn­da, 4 mil­li­on­jy ra­ýa­ty bol­sa 1985-nji ýy­lyň 27-nji ma­ýyn­da dün­ýä inip­di.

Mer­dan SE­ÝIT­LI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.