Gyrgyz Respublikasynyň ilaty 7 milliona ýetdi. Ýurduň Statistika edarasynyň habar bermegine görä, ýurtda 7 millionynjy çaga dünýä indi. Golaýda hem Statistika edarasy 20-nji oktýabra çenli 7 millionynjy raýata garaşýandyklaryny mälim edipdi.
Şu ýylyň 1-nji awgustynda ilatyň sany 6 million 977 müň adama ýetendigi habar berlipdi. 1-nji oktýabrda ilat sany 6 million 995 müň boldy. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ilatyň sanynyň 7 milliona ýetmegi bilen baglanyşykly çäreleri guramak üçin pudagara topar döredildi.
Gyrgyzystanyň 6 millionjy raýaty 2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, 5 millionjy raýaty 2002-nji ýylyň 27-nji awgustynda, 4 millionjy raýaty bolsa 1985-nji ýylyň 27-nji maýynda dünýä inipdi.
Merdan SEÝITLIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









