Ýewropa Bileleşigi energiýa çeşmeleriniň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edýär. Şonuň netijesinde, sebitde Gün we ýel energiýa önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň ulanýan elektrik energiýasynyň 24 göterimi Gün we ýel elektrik energiýasyndan emele gelýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden ýerlikli peýdalanmak Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurduna 99 milliard ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Şu ýylyň martyndan bäri ÝB-ä agza 27 ýurduň 19-synda Gün we ýel energiýasynyň uly möçberi öndürildi.
Bu ugurda Ispaniýa, Polşa ýaly ýurtlarda görnetin ösüş gazanyldy. Ýewropa Bileleşigi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak babatdaky maksatnamasyna laýyklykda, Gün we ýel energiýa çeşmelerinden peýdalanmagyň möçberini 40-45 göterime ýetirmegi göz öňünde tutýar.
Şazada JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.