ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Irwing şäheriniň Williams meýdançasyndaky çapyp barýan ýabany atlaryň heýkeli dünýäniň iň uly heýkelleriniň biri hasaplanýar. Bürünçden ýasalan atlaryň toýnaklarynyň astyndan syçrap çykýan suwlar köpüň ünsüni özüne çekýär. Heýkelde 9 sany ýabany atyň keşbi şekillendirilýär. Bu atlar uzak wagtlap, Tehas ştatynyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Bürünç atlaryň ölçegi hakykysyndan bir ýarym esse uly. Olar toýnaklarynyň astyndan syçrap çykýan suwlary ýadyňa salýan çüwdürim bilen, akar suwda çapyp barýan görnüşde şekillendirilipdir Heýkeliň esasy ideýasy – Tehasyň esaslandyrylan döwründe öňe sürlen herekete getiriji güýji, başarjaňlygy we erkin ruhy görkezmekden ybarat.
Onuň binagärlik dizaýny “SWA Group” şereketi tarapyndan taýýarlanypdyr. Heýkeliň meýilnamasy landşaft binagärligi boýunça amerikan jemgyýetiniň abraýly milli baýragyna mynasyp bolupdyr. Bu sungat eserinden uzakda bolmadyk ýerde Las Kolinas ýabany atlarynyň heýkellerine bagyşlanan muzeý bar. Muzeýe gelip görýänler ýabany tebigat boýunça afrikan heýkeltaraşy Robert Gleniň 8 ýyllyk zähmetiniň taryhy bilen tanşyp bilerler. Bu ýere gelýänler özboluşly monumental sungat eserini taslamaga we oturtmaga näçe wagt sarp edilendigi barada gürrüň berýän filme hem tomaşa edip bilerler. Muzeýde Robert Gleniň beýleki işleri hem görkezilýär. Ýabany atlaryň heýkeli 1984-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Tehas ştatynyň Irwin şäherinde dabaraly ýagdaýda açylýar.