Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropanyň alternatiw gaza geçiş depginleriniň Brýussel tarapyndan meýilleşdirilen möhletlerden has çalt dowam edýändigini tassyklady. Ol Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda bu işleri amala aşyrmaga bary-ýogy sekiz aýyň gerekdigini aýtdy.
– Dogry, bu ýerde gürrüň 100 göterim hakda däl-de, eýsem üçden iki bölegi hakda barýar – diýip, ol belledi. Ursula Won der Lýaýeniň pikiriçe, Ýewropa Bileleşigi beýleki daşary ýurt gaz üpjün edijilerine geçmegi ep-esli çaltlaşdyrdy. Ol öz çykyşynda alternatiw üpjün edijileriniň arasynda Norwegiýanyň we ABŞ-nyň bardygyny belledi. Şeýle hem, syýasatçy energiýa çökgünligini ýeňip geçmäge gönükdirilen çäreler toplumyny hödürledi. Şeýle hem, Ýewropadaky iň uly gaz biržasynda bahalary wagtlaýyn arzanlatmagyň mehanizminiň girizmäge çagyryş etdi.