Golaýda Ýewropa parlamenti mobil enjamlaryň birmeňzeş zarýad beriji ulgamyna geçmegini talap edýän täze kanuny güýje girizipdi. Bu teklip agza ýurtlar tarapyndan hem kabul edildi. Şeýlelikde, sebitde satylýan ähli kiçi elektron enjamlaryň zarýad beriji ulgamlaryň “USB-C” bolmagy hökmany ýagdaýa getirildi.
Beýlekilerden tapawutly ulgamy bolan “Apple” kompaniýasy täze enjamlarynyň birmeňzeş boljakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň global marketinge jogap berýän ýolbaşçysy Greg Joswiýak täze düzgüne görä hereket etjekdiklerini mälim etdi. Bilermenler mundan beýläk amerikan brendiniň diňe Ýewropada däl, bütin dünýäde täze düzgüne görä elektron enjam öndürjekdiklerini belleýär.
Täze düzgüne görä, 2024-nji ýyla çenli el telefonlary bilen bir hatarda planşetler we beýleki kiçi elektron enjamlara “USB-C” ulgamy arkaly zarýad berilýän bolmaly.
PDF









