“WindEurope” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Giles Dikson deňizüsti ýel beketleriniň Demirgazyk Ýewropa mahsus energiýa çeşmesi bolmakdan çykandygyny aýdyp, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa ýurtlarynda guruljak beketleriň umumy önümçilik kuwwatynyň 10 gigawata ýetjekdigini belledi. Deňizüsti Energiýa tehnologiýalary sergisinde (“Marentech Expo”) çykyş eden Dikson energiýa önümçiligiň bu görnüşiniň ýerlilik, iş bilen üpjünçilik we ösüş babatda ähmiýetli çeşmedigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, her bir gurlan ýel turbinasy 15 milliard ýewrolyk ykdysady işi emele getirýär. Diksonyň berýän maglumatlaryna görä, bütin Ýewropada deňizüsti ýel energiýasy pudagynda 77 müň töweregi adam işleýär. 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň azyndan 200 müňe ýetmegine garaşylýar. Şol ýyla çenli sebit ýurtlarynda ýel beketlerinden alynýan energiýanyň möçberi 165 gigawata ýeter. Häzirki wagtda Ýewropadaky ýel beketleriniň önümçilik kuwwaty 100 megawata golaý bolup, Norwegiýa 90 megawatlyk suwüsti ýel beketleriniň gurluşygyny amala aşyrmagy maksat edinýär. Sebit ýurtlarynda 2023-nji ýyla çenli azyndan 300 megawatlyk desga işe giriziler.